BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady

  • 07.07.2025 11:28
  • 3.9k+

Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi.

Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly. Maliýe serişdeleri eýesiniň gözegçiliginde galar we diňe görkezilen möhletden soň yzyna almak üçin elýeterli bolar.
Mundan başga-da, 35 000 dollar möçberinde bir gezeklik administratiw töleg tölenmeli. Taslamanyň maglumatlaryna laýyklykda, wiza ýedi hepde töweregi wagtda resmileşdirilýär. Resminama, adaty döwlet tölegleri tölenen ýagdaýynda, esasy dalaşgäre, onuň aýalyna, çagalaryna we ene-atasyna degişlidir.
Üç ýyllyk steýkingiň dowamynda eýeleri ýylda 3-4% girdeji alyp bilerler, şonda takyk goýumy TON-yň walýuta hümmetine bagly bolup durýar.
Bu maksatnama BAE-de gozgalmaýan emläk ýa-da işewürlik üçin azyndan 540 000 dollar maýa goýumyny talap edýän adaty "altyn wiza" üçin alternatiwa boldy.

"Gozgalmaýan emläk satyn almak ýa-da iň pes girdejini tassyklatmak zerurlygy ýok. Dalaşgärler hyzmaty boýunça berk bäsdeşlik netijesinde saýlanýar" -diýip, TON-yň web sahypasynda aýdylýar .

TON (The Open Network) - bu Telegram habarçysyny esaslandyryjylar doganlar Durowlar tarapyndan 2018-nji ýylda işlenip düzülen Proof-of-Stake blokçeýniniň üçünji neslidir. Soňra ol häzirki wagtda-da bu taslamany goldaýan we ösdürýän TON açyk jemgyýetine geçirildi.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......