ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

  • 06.07.2025 15:43
  • 2.9k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler.

Ulgam obýektleriň 3D rekonstruksiýasyny döretmek üçin millimetr tolkunlaryny ulanýar we elektrik burawlary ýa-da aşhana enjamlary ýaly çylşyrymly görnüşdäki zatlary hem 96% takyklykda kesgitleýär.
MmNorm usuly maglumatlary ýygnaýar hem-de obýektiň şekilini we ýüzüniň bitewiligini seljerýän algoritme geçirýär. Synag tehnologiýanyň bar bolan analoglardanam 40% takykdygyny görkezdi. Ulgam ruçkalar we egri kürüşgeler ýaly 60-dan gowrak çylşyrymly obýekti üstünlikli dikeltdi. Şeýle hem, ol materialyna garamazdan, bir gutudaky birnäçe elementi tapawutlandyryp bilýär.
Tehnologiýa ammar logistikasynda ulanylyp bilner. MmmNormly robotlar diňe bir gutulary açmazdan olaryň içini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, dogry tutmak üçin çekijiň tutawajyny hem tanap biler. Şeýle hem, ulgam ammaryň işgärlerine gutularyň içini görmäge mümkinçilik berýän AR garnituralary bilen hem birleşdirilip bilner, bu harytlary barlamagy çaltlaşdyrar.


düýn 18:51
4.7k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....