Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

  • 05.07.2025 19:13
  • 5.1k+

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär.

“Beýni-kompýuter” interfeýsleri maýyplara protezleri dolandyrmaga we ýitirilen funksiýalary bölekleýin dikeltmäge mümkinçilik berýär. Emma şeýle ulgamlaryň köpüsi hirurgik usulda implantasiýa edilýän enjamlara esaslanýar, bu bolsa olaryň giňden ulanylmagyny çäklendirýär.
Karnegi-Mellon uniwersitetiniň barlagçylar topary alternatiwany - elektroensefalografiýa (EEG) esaslanýan ulgamy teklip etdi. Kelläniň ýüzüne ýerleşdirilen elektrodlar beýniniň işjeňligini ýazga alýar. Alnan signallar neýroulgam tarapyndan işlenýär-de, hakyky wagtda robot goluň her barmagynyň hereketlerine geçirilýär.

"Biziň barlagymyzda synagdan geçirilýänler birnäçe barmak bilen işleri ýerine ýetirmek üçin akyllaryny ulanyp, protezleri üstünlikli dolandyryp bildiler" - diýip, Karnegi-Mellon uniwersitetiniň biomedisina inženerçiligi boýunça professory Bin He gürrüň berdi.

Ulgam hirurgik operasiýany talap etmeýär, dürli şertlere aňsatlyk bilen uýgunlaşdyrylýar we ulanyjylaryň giň köpçüligi üçin amatly. Ol diňe protezleri dolandyrmakda däl, eýsem kän fiziki güýç sarp etmezden, hat ýazmak ýa-da ownuk zatlary dolandyrmak üçin hem ulanylyp bilner.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......