Müsürde ýitirilen gadymy Imet şäheri tapyldy: ol ýerde birwagtlar köp gatly jaýlar bolupdyr

  • 05.07.2025 14:13
  • 7.7k+

Arheologlar Müsüriň gadymy Tanis şäherinden 10 km uzaklykda, Nil deltasynyň golaýynda ýitirilen Imet şäheriniň üstüni açdy. Gazuw-agtaryş işleri Mançester uniwersitetinden Müsüri öwrenýän alym Niki Nilseniň ýolbaşçylygynda geçirildi diýip, Daily Mail habar berýär.

Imetde ilat b.e.öň 1550-nji ýylda ýaşap başlapdyr we ol Gadymy Müsüriň administratiw okruglarynyň biriniň paýtagty bolupdyr. Şäher b.e.öň IV asyrda gülläp ösüpdir – şol döwürde ol möhüm dini we ykdysady merkeze öwrülipdir.
Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda däne ammary, mal agyllary we hudaý-kepjebaş Uajite bagyşlanan desgalaryň harabalyklary tapyldy. Şeýle-de, ilatyň köpelmegi sebäpli gurlan beýik jaýlaryň galyndylary tapyldy – bu Imetiň ösen infrastrukturasynyň bolandygyny delillendirýär.


Köçeleriň birinde aýdym-saz guraly – asman hudaýy Hathoryň şekili bolan sistr tapyldy. Arheologlaryň çaklamasyna görä, ol wagtyň geçmegi bilen ýumrulan jaýlaryň biriniň ýokarky gatynda saklanypdyr.
Ýene bir gyzykly tapyndy merhuma ahyretde ýoldaş bolmak üçin niýetlenen uşebti heýkeljigi boldy. Şeýle heýkeller mazarlara goýlupdyr: olar o dünýäde adamyň deregine işleri ýerine ýetirer diýlip hasaplanypdyr.
Imeti tapmaga uzak aralykdan zond arkaly barlag kömek etdi. Nilsen we onuň Sadat-Siti uniwersitetinden kärdeşleri hemra suratlarynda palçykdan ýasalan binalaryň üýşmegini gördi, bu hem gazuw-agtaryş işlerine itergi berdi.


düýn 16:08
2.1k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....