Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi

  • 03.07.2025 14:24
  • 10k+

Gent uniwersitetiniň alymlary hudožnikler bilen bilelikde häzirki Belgiýanyň çäginde, takmynan, 10 500 ýyl mundan ozal – mezolit eýýamynda ýaşan aýalyň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň galyndylary 35 ýyldan gowrak wagt ozal Dinantyň golaýyndaky Margo gowagynda tapyldy.

Taslama arheologiýa, bioantropologiýa, genetika we wizual dikeldiş boýunça hünärmenler gatnaşdy.
Ilkibaşda kelleçanak skanirlenip, onuň 3D nusgasy döredildi. Soňra Kennis & Kennis studiýasynyň topary we hudožnik Ulko Glimmerwen anatomiki modeli ulanyp, aýalyň keşbini gaýtadan döretdi.
Ylmy gözlegçileriň hasaby boýunça, ol aradan çykan wagty 35 – 60 ýaş aralygynda bolupdyr. Genetiki seljerme onuň gök gözleriniň we Günbatar Ýewropanyň mezolit jemgyýetleriniň ozal öwrenilen wekillerinden has açyk reňkli bedeniniň bolandygyny görkezdi. Genetiki taýdan ol Beýik Britaniýadan Çedder adamy ýaly awçy-ýygnaýjylaryň toparyna degişli bolupdyr.
Genetik Maite Riwollanyň aýtmagyna görä, täze maglumatlar ýewropaly awçy-ýygnaýjylaryň daşky keşbiniň ozal çak edilenden has köpdürlüdigini görkezýär.


Arheologlar galyndylardan başga-da, pigmentleri, agaç kömrüni, çaňňalaklary, zähmet gurallaryny we süňkleri tapdy. Bu tapyndylar aýalyň nähili ýaşandygyna düşünmäge kömek etdi. Ol çarwa bolup, kanoede suwuň üsti bilen bir ýerden başga ýere göçen bolsa gerek. Şeýle-de, alymlar sebitiň şol döwürdäki tebigy gurşawyny gaýtadan dikeltdi.  


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....