BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

  • 03.07.2025 14:22
  • 2.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu barada BSGG-niň metbugat-relizinde aýdylýar.

Guramanyň maglumatlaryna görä, ýalňyzlyk her ýyl, takmynan, 871 müň adamyň ölümine getirýär – bu sagatda, takmynan, 100 adama deň.
Komissiýanyň egindeş başlygy, ABŞ-nyň öňki baş sanitar lukmany Wiwek Merti ýalňyzlyga ilkinji gezek ulgamlaýyn çemeleşmäni talap edýän global mesele hökmünde garalýandygyny belledi. Hasabatda sosial aragatnaşyklary berkitmek boýunça strategiýa hödürlenýär. Bu, awtorlaryň pikiriçe, saglygy goraýyş, bilim we ykdysady ulgamlary gowulaşdyrmaga kömek edip biler.
BSGG ýalňyzlygy gürrüňdeşligiň ýetmezçilik etmek duýgusy, sosial üzňeligi bolsa aragatnaşygyň asla bolmazlygy hökmünde häsiýetlendirýär. Guramanyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ýalňyzlygyň netijeleriniň hem aýry-aýry adamlara, hem umumy jemgyýete täsir edýändigini belledi. Ol sosial aragatnaşyklary, şol sanda aragatnaşygyň sanly görnüşini berkitmäge çagyrdy.
Ýalňyzlyk, esasan, ýetginjekleriň we pes girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda duýulýar. 13 ýaşdan 29 ýaşa çenli adamlaryň 17 – 21%-i özüni ýalňyz duýýar. Pes girdejili ýurtlarda ýalňyzlyk sorag edilenleriň 24%-inde, barly ýurtlarda bolsa – 11%-inde hasaba alynýar.
Deslapky maglumatlara görä, sosial üzňelik garry adamlaryň, takmynan, üçden birine we ýetginjekleriň dörtden birine täsir edýär. Hususan-da, maýyp adamlar, migrantlar, bosgunlar we azlyklaryň wekilleri has ejiz hasaplanýar.
Hünärmenler ýalňyzlygy psihiki we fiziki saglygyň ýaramazlaşmagy, bilimde ýetişigiň 22% peselmegi, öndürijiligiň peselmegi we saglygy goraýyş ulgamyna düşýän agramyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......