Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär

  • 01.07.2025 18:01
  • 6.4k+

Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär.

Waşington uniwersitetiniň (ABŞ) ýanyndaky Saglyga baha beriş we görkezijiler institutynyň alymlary dünýäde sanjym edilişiniň derejesi 2010-njy ýyldan bäri dünýä boýunça ýokarlanmady diýen ýaly diýip bellediler. Onuň görkezijisi lukmançylyk ulgamlarynyň işini bozan we milli immunizasiýa maksatnamalaryny togtadan COVID-19 pandemiýasyndan soň has-da peseldi.
2023-nji ýylyň hasabatlary boýunça 16 milliona golaý çaga hökmany sanjymlary almady, şeýle hadysalaryň iň köp sanlysy Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda we Günorta Aziýada hasaba alyndy.
Gerimiň peselişini diňe bir ösüp barýan ýurtlarda däl, eýsem, Ýewropa we ABŞ ýaly ösen sebitlerde-de görmek bolýar. Sebäplerine daşyndan gelýän kömegiň azalmagy, syýasy çaknyşyklar, uruşlar we dezinformasiýanyň ýaýramagy degişlidir.
Oksford sanjym toparynyň müdiri, professor Endrýu Pollard: "Çagalary ýekeje sanjymyň halas edip biljek halatynda olaryň ýene-de hassahanalara ýerleşdirilip, gaýra üzülmelere sezewar bolup we keselden ýogalyp biljek ýagdaýa düşmek töwekgelçiligini başdan geçirýäris" - diýip, Oksfordyň sanjymlar boýunça toparynyň direktory Endrýu Pollard duýdurýar.
Barlagçylar başlangyç saglygy goraýşy güýçlendirmäge, miflere garşy göreşmäge we girdejiniň derejesine garamazdan, immunizasiýa mümkinçiligini giňeltmäge çagyrýarlar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......