4-nji iýulda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

  • 27.06.2025 18:42
  • 9.8k+

4-nji iýulda Aşgabatdaky Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde geçiriler. Ol sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Hödürleniş çäresi ilatyñ iş bilen üpjün edilmegine hem-de iş üpjüncilik mümkinçilikleriniñ giñeldilmegine gönükdirilendir. Agzalan çärä kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekilleriniň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyñ 1-nji iýulyna çenli berip bilerler.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasport), eger bar bolsa, zähmet depderçesi bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryna çagyrylýar.
Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiñiz:

  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi; tel: 39-34-56;
  • Bagtyýarlyk etraby; tel: 39-34-64;
  • Berkararlyk etraby; tel: 39-34-71;
  • Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy); tel: 35-12-69;
  • Köpetdag etraby; tel: 39-34-76;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ Aşgabat şäher komiteti (S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy); tel: 22-74-07.

düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......