Mähri Bäşimowa CAREC-niň täze bellenen direktory bilen ekologiýa meseleleriniň giň toplumyny maslahatlaşdy

  • 27.06.2025 10:56
  • 3.2k+

26-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.
Şeýle hem, taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebit ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....