Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasyny guramak teklip edilýär

  • 27.06.2025 10:46
  • 4.8k+

25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri bilen Özbegistanyň ýurdumyzdaky ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda bilim we ylym ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli mysaly hökmünde, Daşkentiň irrigasiýa we oba hojalygyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň 17 agzadan ybarat wekiliýetiniň okuw-tejribe maksatly häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistana sapary görkezildi. Bu on günlük saparyň dowamynda özbek talyplary we mugallymlary ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda tejribe geçerler.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň iýul aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýetiniň Özbegistana okuw-tejribe saparyna iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hem kesgitlediler.
Hususan-da,
 iki ýurduň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem agzaldy. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 17 medal gazanan Özbegistanyň toparynyň üstünlikli çykyşyny kanagatlanma bilen belledi.
Öz gezeginde, özbek tarapy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky dolandyryş tejribesine, sanly menejment ulgamlaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem döwlet we hususy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Türkmenistanda Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda sergi – “Uniwersitetleriň ýarmarkasyny” guramaklygy teklip etdi. Bu başlangyç bilim ulgamynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň döremegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Özbegistanyň bilim we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 23:39
868

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......