10 müň ýyllyk ýalňyşlyk düzedildi. Adamlar Demirgazyk Amerika ozal pikir edilişinden has ir göçüp barypdyrlar

  • 23.06.2025 13:30
  • 12k+

Arizona uniwersitetiniň alymlary ilkinji adamlaryň Demirgazyk Amerikada, takmynan, 23 müň ýyl ozal, ýagny ylmy jemgyýetiň pikir edişinden takmynan 10 müň ýyl öň peýda bolandygyny subut etdiler diýip, BBC ýazýar.

Science Advances  žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri Nýu-Meksiko ştatynyň Waýt-Send milli seýilgähinde adam yzlarynyň bardygy baradaky 2021-nji ýylyň  haýran galdyryjy barlagynyň netijelerini tassyklaýar. Gadymy palçyk çökündilerindäki bu yzlar radiouglerod  usuly bilen anyklanyp, 21 000 – 23 000 ýyl ozal döräpdir diýen netijä gelindi.
Öňki barlagyň netijelerine  köp tankytçylar şübhelenipdi, olar radiouglerod usuly bilen senelemek üçin tozan zerrejiginiň we tohumyň ulanylmagy gaty ýoýlan netijäni berip biljekdigini tassyklaýardylar. Täze barlag iň gadymy palçygyň ýaşyna baha bermeklige daýanýar we şuňa meňzeş netijäni görkezýär.
Geologiýa we arheologiýa professory Wans Hollida "Bu geň galdyryjy bir bitewi maglumatlar toplumy. Käte bu hemme faktlary ret etmek kyn" -diýip, geologiýa we arheologiýa boýunça professor Wens Hollideý belledi.
Ýalňyşlykdan gaça durmak üçin üç sany laboratoriýada üç dürli material derňelip, olar biri-birinden garaşsyz  55 birmeňzeş netijäni berdi.

"Bu, elbetde, nazaryýetde bolup biler. Ýöne beýle tötänlik ähtimallygy şeýle bir az welin, amalyýetde bu mümkin däl" – diýip, Hollideý sözüniň üstüni ýetirdi.

Tankytçylar yzlaryň golaýynda hiç hili artefaktlaryň ýa-da şäherçeleriň tapylmandygyny belleýärler, ýöne alymlar muny adamlaryň bu sebitden az salymlyk düşläp geçen bolmagynyň mümkindigini düşündirýärler.

"Bu yzlaryň käbiri birnäçe sekundyň içinde goýlup bilner" -diýip, Hollideý düşündirdi.

Ondan öň Klowis medeniýeti has irki hasaplanýardy we onuň wekilleri 13 000 ýyl ozal Amerika gelendir öýdülýärdi. Emma täze açyş bu aýyplamany puja çykardy. Indi Waýt-Send Amerikada adamzadyň barlygynyň resmi taýdan iň gadymy subutnamasy hasaplanýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....