Birnäçe ýurtda “kitaplar bilen bejergi” – biblioterapiýa giňden ýaýrap başlady

  • 23.06.2025 12:41
  • 2.7k+

Beýik Britaniýada we başga-da birnäçe ýurtda biblioterapiýa – çeper eser okamak arkaly adamyň psihiki ýagdaýyny gowulandyrmak usuly giň gerime eýe bolýar. Bu barada Bi-bi-si ýazýar.

Biblioterapiýa psihika oňyn täsir edip biljek kitaplary saýlamagy göz öňünde tutýar. Bu çemeleşme diňe bir özüňi duýşuňy gowulandyrmak üçin däl, eýsem kyn çözgütleri kabul etmek üçin ýa-da psihiki bozulmalarda goldaw hökmünde hem ulanylýar.
Öz-özüňi kämilleşdirmek boýunça edebiýatyň netijeliligi eýýäm öňden bäri ykrar edilen, ýöne biblioterapiýanyň tarapdarlary çeper eserleriň hem şeýle täsiri berip biljekdigini öňe sürýär. Hakyky we baý dünýälere aralaşmak okyja duýgulary başdan geçirmäge, kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollaryny tapmaga ýa-da meselelerden wagtlaýyn ünsüňi sowmaga kömek edýär.
Şol bir wagtyň özünde, usul hemmeler üçin netijeli däldir. Sasseks uniwersitetiniň psihologlarynyň 2020-nji ýylda geçiren gözlegi emosional gatyşmanyň möhüm rol oýnaýandygyny görkezdi.

“Haçan-da adam esere emosional taýdan çekilende, kitap ony gurşap alýar, oňa seslenýär, täsir döredýär – hut şonda netije görünýär” – diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Juliýa Poerio belledi.

Kognitiw ylymlar boýunça hünärmen Jeýms Karni ýekelikde okamak hemişe netijeli däl diýip hasaplaýar. Haçan-da kitap ara alnyp maslahatlaşylanda uly peýda getirýär: bu okalan zada has gowy düşünmäge we ýagdaýa başgaça seretmäge kömek edýär diýip, ol belledi.
Käbir kitaplar, tersine, ýagdaýy ýitileşdirip biler. Iýmitleniş bozulmalary bolan 900 adam bilen geçirilen pikir soraşmada gatnaşyjylaryň köpüsi özlerine meňzeş gahrymanlary bolan çeper tekstleriň öz ýagdaýlaryny has ýaramazlaşdyrandygyny aýtdy. Şeýle ýagdaý garaşlylyk baradaky kitap okalanda hem bolup biler.
Hünärmenler biblioterapiýanyň diňe goşmaça guraldygyny  we onuň professional psihologiýa kömegi ýetmezçilik eden ýagdaýynda aýratyn ýörgünlidigini belläp geçýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......