Russiýada ýadawlygy gözüňden aňyp bilýän neýroulgam işlenip düzüldi

  • 23.06.2025 12:36
  • 3k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg federal barlag merkeziniň (SPb FIS RAN) we Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary neýroulgama gözüň hereketlerinden adamyň ýadawlygyny tanamagy öwretdiler.

TASS-yň habar bermegine görä, ulgam ulaglary, agyr tehnikany, senagat we möhüm infrastruktura desgalaryny dolandyryjylaryň ýagdaýyna gözegçilik etmekde ulanylyp bilner.

"Biz neýroulgama adamyň gözüniň hereketlerine görä, ulagy we beýleki tehnikalary dolandyryjynyň ýagdaýyny – ýadawdygyny ýa-da däldigini kesgitlemegi öwretdik. Neýroulgama öwretmek üçin maglumatlar adamyň nazarynyň gönügen ugruny yzarlaýjy gurluş bolan aýtreker arkaly ýygnaldy. Geljekde biziň çözgüdimiz dürli tehnikalaryň we möhüm infrastrukturanyň operatorlarynyň hereketlerine gözegçilik edýän ulgamlara birikdiriler" - diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg federal barlag merkeziniň metbugat gullugynda Toplumlaýyn awtomatlaşdyryş ulgamlarynyň barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Alekseý Kaşewnikiň sözlerini getirdiler.

Neýroulgamyň ýadawlyk we gujurlylyk ýagdaýlaryna mahsus bolan göz hereketi strategiýalary boýunça tälim alandygy bellendi. Şu maksat bilen kompýuteriň başynda işleýän operatorlaryň okaýan, ýazýan, gününiň dowamynda edýän işleýän işleri wagtyndaky göz hereketleri bilen bagly maglumatlary öz içine alýan maglumat  binýady döredildi. Görkezijiler kellä dakylan aýtrekeriň kömegi bilen ýazga alyndy.
Işlenip düzülen açyk kodly kitaphana ulanyjylar we döredijiler üçin elýeterlidir.
Barlag Innowasiýalary goldamak gaznasynyň goldawy bilen geçirildi.


düýn 23:37
2.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......