Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär

  • 20.06.2025 18:35
  • 2.6k+

Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Uniwersitetde fototerapiýanyň beýniniň işini dikeltmekde oňyn täsiriniň bardygyny dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň eýýäm ykrar edendigini nygtadylar. Emma ýagtylygyň bedende ulgamlaýyn reaksiýalary nädip herekete getirýändigi, ýady we kognitiw ukyplary nahili ýokarlandyrýandygy öň belli däldi.
SDU-nyň maglumatlaryna görä, meningeal limfa damarlary merkezi nerw ulgamynyň immunitetini saklamaga we kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän suwuklyklar bilen birlikde beýnimizdäki toksinleri aýyrýar.
Şeýle hem uniwersitet Alsgeýmeri, Parkinsony, demensiýany we onkologiýany bejermegiň adaty farmakologiki usullarynyň täsiriniň azdygyny mälim etdi. Geljekde farmakologiki däl çemeleşmelere ýüzleniler, şol sanda beýni dokumalarynyň drenažynyň fotostimulýasiýasy ulanylar.
Bu barlag Russiýanyň Ylym Gaznasynyň grantynyň goldamagynda geçirildi.


düýn 23:37
1.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......