Kanada Arktikasynda 380 million ýyllyk ýyrtyjy balygyň täze görnüşiniň äňleri tapyldy

  • 20.06.2025 18:19
  • 6.7k+

Amerikaly paleontologlar Kanadanyň Nunawut welaýatynyň Dewon adasynda Giçki Dewon formasiýasynda Onychodontiformes  toparyndan bolan gadymy ýyrtyjy balyklaryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdiler. Galyndylaryň ýaşy,  takmynan, 380 million ýyllyk.

Dişleriň we eňekleriň nusgalarynyň 2011-nji ýylyň iýul aýynda, takmynan, 382–372 million ýyllyk ýaşy bolan gumdaşdan ýygnalandygy bellendi. Tapyndylaryň derňewi Journal of Vertebrate Paleontology žurnalynda çap edildi.
Täze görnüşe Onychodus mikijuk diýip at berildi. Adyň ikinji bölegi Kanada inuitleriniň inuktitut dilinde “kiçijik” diýmegi aňladýar. Balygyň uzynlygy takmynan 23,5 santimetr bolup, birnäçe metre ýetýän beýleki belli garyndaşlaryndan ep-esli kiçidir. Mysal üçin, 2017-nji ýylda Kanadadan tapylan O. eriensis diýilýän başga bir görnüşiň äňi mikijukyň öz uzynlygyndanam uzyn bolup, 28 santimetrdir.
Galyndylar Dewon adasyndaky derýanyň golaýyndan tapyldy.


düýn 20:25
4.4k+

Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular...

düýn 19:25
4.5k+

Ýer ýüzündäki iň gadymy daşlar tapyldy. Olaryň ýaşy 4 mlrd ýyldanam köp diýlip çaklanylýar

Alymlar Kanadada ýaşy, takmynan, 4,16 mlrd ýyl bolan dag jynslaryny tapdylar. Bu gaýalar häzirki wagta çenli ýüze çykarylan Ýerdäki iň gadymy dag jynslary bolup biler diýip, Phys.org habar berýär. Olar Kwebekdäki Gudzon aýlagynyň kenaryndaky Nuwwuagittuk ýaşyldaş guşagyndan tapyldy...

düýn 18:13
2.5k+

Neýrofiziologlar beýniniň nädip sözlerden sözlem düzýändigini düşündirdiler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary adam beýnisiniň nädip aýry-aýry sözleri sözlemlere öwürýändigini anyklamaga kömek edýän barlagy geçirdiler. Neýrolingwistika şu çaka çenli, esasan, aýry sözleriň emele getirilişini öwrenipdi, ýöne olaryň many berýän zynjyrlara birleşiş prosesini öwrenmändi...

düýn 17:55
2.1k+

Alymlar dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Olar itiň ululygynda bolupdyr

Alymlar labrador-retriwerden (itiň bir tohumy) uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Dinozawr Enigmacursor mollyborthwickae diýlip atlandyryldy we takmynan, 150 million ýyl ozal - ýura döwründe stegozaurlar we diplodoklar bilen birlikde häzirki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşap geçipdir...