Ýer ýüzündäki iň gadymy daşlar tapyldy. Olaryň ýaşy 4 mlrd ýyldanam köp diýlip çaklanylýar

  • 01.07.2025 19:25
  • 7.6k+

Alymlar Kanadada ýaşy, takmynan, 4,16 mlrd ýyl bolan dag jynslaryny tapdylar. Bu gaýalar häzirki wagta çenli ýüze çykarylan Ýerdäki iň gadymy dag jynslary bolup biler diýip, Phys.org habar berýär.

Olar Kwebekdäki Gudzon aýlagynyň kenaryndaky Nuwwuagittuk ýaşyldaş guşagyndan tapyldy. Bu ýer gadymy dag jynslary bilen köpden bäri tanalsa-da, tapylan nusgalaryň takyk ýaşyna degişli jedeller uzak wagtlap dowam edipdi.
20 ýyl ozalky barlagda bu dag jynslarynyň, takmynan, 4,3 mlrd ýyl mundan ozal emele gelendigini çaklanypdy. Emma soňlugy bilen alymlar bu çaklamalara şübhe bilen garap, olaryň 3,8 mlrd ýyl ozal dörändigi baradaky netijä geldiler. Olar bu tapawudy nusgalaryň hapalanmagy bilen düşündirdiler.
Täze geçirilen barlaglar has takyk netije berdi. Alymlar radioizotop senelemäniň iki usuly arkaly gaýalary ýene bir gezek seljerdiler. Netijede, iki usul hem şol bir netijäni – 4,16 mlrd ýyly görkezdi. Barlagyň awtory, Ottawa uniwersitetinden Jonatan O’Nil bu netijäniň maglumatlaryň dogrulygyny tassyklaýandygyny belläp geçdi.
Deňeşdirsek, Ýeriň ýaşy, takmynan, 4,5 mlrd ýyl hasaplanýar. Tektoniki hereketler sebäpli, gadymy dag jynslary örän seýrek saklanyp galýar. Häzire çenli iň gadymy dag jynslary Kanadadaky Akasta toplumyndan tapylan gneýsler hasaplanýardy, olaryň hem, takmynan, 4 mlrd ýyl ýaşy bar.
Nuwwuagittuk sebiti inuktun taýpalarynyň topraklaryna degişlidir. Geologlar ýerli tebigata zyýan ýetirensoň, ýerli jemgyýet täze nusgalaryň ýygnalmagyna wagtlaýyn çäklendiripdi. «Pituvik Landholding Corp.» korporasiýasyndan Tomin Palliseriň sözlerine görä, käbir nusgalar ýitdi we internetde satylyp başlandy.
Inuitler geljekde ylmy-barlaglar üçin goralýan territoriýany döredip, alymlar bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýärler.


şu gün 10:51
651

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....