Alymlar dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Olar itiň ululygynda bolupdyr

  • 01.07.2025 17:55
  • 4.5k+

Alymlar labrador-retriwerden (itiň bir tohumy) uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär.

Dinozawr Enigmacursor mollyborthwickae diýlip atlandyryldy we takmynan, 150 million ýyl ozal - ýura döwründe stegozaurlar we diplodoklar bilen birlikde häzirki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşap geçipdir. Onuň galyndylary 2021-2022-nji ýyllarda Kolorado ştatyndan tapyldy. Kellesiniň we oňurgasynyň bir bölegi gowy saklanmandygy sebäpli, takyk ölçeglerini dessine kesgitlemek mümkin bolmandy.

Barlagçylaryň sözlerine görä, dinozawr iki uzyn art aýaklarynda ýöräp, but süňki özboluşly gurluşa eýe bolupdyr. Onuň iň ýakyn garyndaşy Hytaýda ýaşap, uzynlygy üç metre ýeten Yandusaurus hongheenis bolup biler.
26-njy iýunda Enigmacursor mollyborthwickae -iň skeleti Tebigatyň taryhy muzeýinde goýuldy.
Barrett täze dinozawr görnüşleriniň hepdede bir gezek indentifisirlenýändigini aýtdy. Emma kiçi görnüşler has seýrek duş gelýär, sebäbi ulularyň deňinde olar gözden sypyp bilýär, galyndylary bolsa köplenç ýyrtyjylar, maslykçylar tarapyndan zaýalanýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....