Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar

  • 01.07.2025 20:25
  • 9.2k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-30-njy iýun aralygynda Sarawak ştatynyň Kuçiň şäherinde geçirildi.
Bäsleşik jemgyýetçilik ylymlary, ýaşaýyş ylymlary, daşky gurşawy goramak ylmy, fizika, matematika, inženerçilik, kompýuter ylmylary, öwrenmegiň we okatmagyň usullary, emeli aň, amaly ylymlar ýaly ugurlar boýunça ýaş oýlap tapyjylaryň we ylym-bilim işgärleriň arasynda geçirildi.
Foruma Türkmenistandan başga-da Malaýziýa, Bangladeş, Hindistan, Filippinler, Tailand, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, El Salwador, Gazagystan we Wýetnam ýaly dünýäniň birnäçe döwletlerinden 1460 sany ylmy taslama işleri bilen 4510 sany ýaş oýlap tapyjylar, innowatorlar we ylym-bilim işgärleri gatnaşdy.
Bu forum iň köp gatnaşyjyly halkara STEM çäresi hökmünde “The Malaysia book of records” (Malaýziýanyň rekordlar kitaby) tarapyndan hasaba alyndy.
Forumda ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda şol uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Tumar Orpaýewa üstünlikli çykyş etdiler.

Süleýmanmuhammet Şamuhammedow forumda hödürlän “Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: Ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary” atly ylmy taslamasy ýaryşyň daşky gurşawy goramak ylmy ugry boýunça altyn medal,  forumyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan “Platina baýragy” ýaryşda ylmy taslama işleriň iň gowy 3-ligi “durnuklylyk baýragy” ýaly abraýly baýraklaryň üçüsine mynasyp boldy.
S.Şamuhammedowyň ylmy işi sement önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmak maksady bilen senagat galyndylaryny esasan kömür külüni we ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly uglerod zyňyndylaryny peseltmäge gönükdirilen alternatiw önümçilik usullaryny teklip edýär. Bu çözgüt durnukly şäher gurluşygynyň ösdürilmegine hem möhüm goşant bolup durýar.

Şeýle hem, şol uniwersitetiň uly mugallymy Saparmyrat Öwezsähedowyň ylmy ýolbaşçylygynda uniwersitetiň 3-nji ýyl talyby Tumar Orpaýewa tarapyndan ýerine ýetirilen “Oba-hojalyk galyndylaryndan kömürturşy gazyny tutujy sorbent almak” atly ylmy taslamasy hem eminleriň ýokary bahasyna eýe boldy. Bu ylmy taslama işi bilen Tumar Orpaýewa daşky gurşawy goramak ylmy ugry boýunça altyn medala eýe boldy. Ol öz işinde tüwi harpygy, gowaça çöpi, üzüm we tut agajynyň galyndylary ýaly oba-hojalyk galyndylaryndan ýokary gözenekli sorbent taýýarlap, kömürturşy gazyny siňdirmekde netijelilik derejesini ylmy esasda subut etdi.
Ýaryşa ýolbaşçylyk eden Atamyrat Altyýew bolsa, bilim ulgamyna goşan goşandy üçin “Borneo halkara ýolbaşçylaryň we bilim işgärleriniň baýragy” altyn medal bilen sylaglanyldy.
Bu üstünlikler türkmen ýaşlarynyň döredijilikli pikirlenmek bilen innowasion çözgütleri kabul etmek arkaly ylmy-barlag işlerini ýokary derejede ýerine ýetirýändiklerini hem-de durnukly ösüş maksatlaryna işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Türkmen talyplarynyň taslamalary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelip, ýurdumyza, sebite we dünýä jemgyýetçiligine ähmiýetli çözgütleri hödürleýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....