Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 400 mln ýewro talap edýär

  • düýn 17:52
  • 9.6k+

Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy.

Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär. “PSŽ” hem garşylyklaýyn arza berdi we oýunçynyň saud “Al-Hilýalyna” geçmek barada uly şertnamany bozandygyny nygtap, 440 mln ýewro talap etdi.
Mbappe 2023/24 möwsüminiň başynda täze şertnamadan ýüz öwürmegiň onuň oýunlardan çetleşdirilmegine getirendigini aýdyp, arza beripdi. Mundan başga-da, ol klubuň satmak isleýän oýunçylary bilen türgenleşmäge iberildi. Şu sebäpli Fransiýanyň oýunçylar birleşigi geçen ýyl şikaýat arzasyny berdi.
“PSŽ”, öz gezeginde, Mbappeni “Al-Hilýal” bilen şertnamanyň bozulmagynda günäkär hasaplaýar. Saud kluby 300 mln ýewro tölemäge taýýardy, ýöne hüjümçi geçmekden ýüz öwürdi.
2024-nji ýylda Mbappe “PSŽ-den” erkin agent hökmünde gitdi we karýerasyny Madridiň “Realynda” dowam etdirdi.


düýn 23:55
3.3k+

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy...

17.11.2025 14:56
8.3k+

18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder

18-nji noýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar...

17.11.2025 14:17
8.4k+

Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy...

16.11.2025 19:37
8.4k+

22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy

2003-nji ýylyň 16-njy noýabry  «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy...