22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy

  • 16.11.2025 19:37
  • 9.5k+

2003-nji ýylyň 16-njy noýabry  «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy.

Şol wagtky katalon toparynyň baş tälimçisi Frank Raýkard Messini 71-nji minutda Fernando Nawarronyň deregine meýdança goýberdi. Şol wagtlar La Masiýa Akademiýasyndan gelen zehinli ýetginjek barada gürrüň edilýärdi, ýöne şol ýetginjegiň futbol taryhyndaky iň beýik şahsyýetleriň birine öwrüljekdigini welin hiç kim güman edip bilmändi.
Aradan 22 ýyl geçensoň, Messiniň hasabynda rekord sekiz sany "Altyn top", Argentina bilen Dünýä çempionatynda ýeňiş we "Barsanyň" taryhyndaky iň üstünlikli futbol onýyllygy bar.

«Barselonadaky» görkezijileri

17 möwsümiň dowamynda Messi klub üçin 778 oýun geçirdi – bu rekorddyr. Ol 672 gol geçirip, ortaça her oýunda 0,86 gol atdy.
2008/09 möwsüminde ol üç kubogy (trebl) gazanan, soňra bolsa bir kalendar ýylynda alty sany uly ýaryşyň ählisini ýeňen toparyň esasy şahsyýetine öwrüldi. Onuň gazananlary ony ähli mümkin bolan kategoriýalarda rekord goýuja öwürdi. Messiniň kolleksiýasynda Ispaniýanyň çempionynyň 10 ýeňşi, dört Çempionlar ligasy, üç sany Klublaýyn dünýä çempionaty we Ýewropanyň iň gowy bombardiri hökmünde alty sany "Altyn aýakgap" bar.
Messiniň we «Barselonanyň» taryhy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlandy. Ol «PSŽ» geçdi, ol ýerde iki möwsüm geçirdi we karýerasyny «Inter Maýamide» dowam etdirdi. Ýöne muşdaklaryň ýadynda ol ömrüniň uly döwri bilen baglanyşykly bolan klubuň simwoly bolup galýar.


şu gün 13:03
8.7k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
4.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....