18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder

  • 17.11.2025 14:56
  • 9.3k+

18-nji noýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar.

Bu toparlaryň arasyndaky öňki duşuşyk saýlama tapgyrynyň başynda geçirilip, türkmen futbolçylarynyň 2:1 hasabyndaky myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlanandy.
Şondan soň Türkmenistanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Tailand toparyny ýeňdi (3:1), myhmançylykda Şri-Lankadan ýeňildi (0:1), ýöne soňra öz meýdançasynda olardan üstün çykdy (2:1).


Häzirki wagtda Türkmenistan D toparynda 9 utuk bilen öňde barýar, şahsy duşuşyklarda ýeňendigi sebäpli Tailanddan öňe geçýär. Şri-Lanka topary 6 utuk toplady. Hytaý Taýpeýi bolsa ähli dört duşuşykda hem ýeňlip, toparyň iň yzdaky autsaýderi bolmagynda galýar.
Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky topar saýlama ýaryşyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Tailandyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçjek duşuşyk bilen tamamlar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......