Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi

  • 20.06.2025 17:30
  • 3k+

SS Innovations International kompaniýasy Amerikada ilkinji gezek kardiohirurgiýa üçin SSi Mantra 3 robotizirlenen ulgamynyň ulanylandygyny habar berdi. Operasiýa 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Guaýakildäki (Ekwador) Interhospital hassahanasynda geçdi.

Hirurg Huan Suniga gan aýlanyşygy bilen bagly näsazlyklary döredip biljek dogabitdi nogsanlyk bolan ýüregiň ýokarky kameralarynyň arasyndaky deşigi ýapmak boýunça operasiýa geçirdi. Ol Demirgazyk we Günorta Amerikada bu ugurda SSi Mantra 3 ulgamyny ulanan ilkinji hirurg boldy.

“Latyn Amerikasynda robotizirlenen hirurgiýada SSi Mantra üstünlikli ulanylandan soň, biz bu ösen ulgamy çylşyrymly ugurlarda, aýratynam, kardiohirurgiýada ulanmagy makul bildik. Ulgam edarada tassyklandy we ehokardiografiýa tarapyndan tassyklanan täsirli netijäni berdi. Hassa üstünlikli dikelýär” – diýip, doktor Suniga belledi.

Interhospital Günorta Amerikada SSi Mantra ulgamy ornaşdyrylan ilkinji hassahanadyr. Ol çylşyrymly hirurgiýa gatyşyklary üçin ulanylýar. Kesigiň mümkin boldugyndan kiçi bolmagy gan ýitgisini azaltmaga, dikeldişi çaltlandyrmaga we operasiýanyň takyklygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.
SSi Mantra 3 ulgamy 3-5 robotizirlenen eller, ykjam dolandyryş merkezi, 4K 3D-monitory we organlaryň 3D modellerini hakyky lukmançylyk suratlary bilen “utgaşdyrmak” funksiýasy bilen üpjün edildi.
Aprel aýynda SS Innovations kompaniýasy SSi Mantra-nyň kömegi bilen 100-den gowrak görnüşli 4000 operasiýa, şol sanda 215 sany ýürek operasiýasynyň geçirilendigini we olaryň gaýra üzülme, şikes ýa-da ölüm ýagdaýy bolmazdan geçendigini habar berdi. Käbir operasiýalar Hindistanda uzak aralykdan dolandyrmak arkaly geçirildi.


30.05.2026 19:41
6.6k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

28.05.2026 19:35
7.4k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

11.05.2026 23:10
3.3k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

08.05.2026 22:15
8k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....