Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar

  • 20.06.2025 10:16
  • 4.6k+

Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy.

Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär.
Ekspedisiýa wagtynda topar suwasty ýertitremelerine, tupanly şemallara, belent  tolkunlara we aýsberglere duş geldi, şeýle-de bolsa birnäçe möhüm açyşlary ýazga almagy başardy. Alymlar suwasty Hampbek dagynda sebitdäki iň pes gidrotermiki çeşmeleriň gapdalynda, takmynan, 700 metr çuňlukda açyk gyzyl reňkli merjen bagyny tapdylar. Çeşmäniň iň uly turbasynyň beýikligi dört metre ýetýärdi. Bu ýerde deňiz balykgulaklary we deňiz žýoludlary ýaşaýardy.
Bular Kwest kalderasynyň demirgazyk-gündogaryndaky ýeke-täk barlag geçirilen gidrotermiki çeşmelerdir.

"Bu çeşmeleriň tapylmagy ajaýyp pursatdy, sebäbi olar bu ýerde öň hiç wagt görülmändi" – diýip, Plimut uniwersitetinden gidrograf Jenny Geýls belledi.

Tapyndylaryň arasynda 268 metr çuňlukda surata düşürilen goložaber mollýusklary, parazit küregaýak leňňeç şekilli makrurus balygy we Sonders Istiň ýanynda 650 metr çuňlukda kindiwanja deňiz hyýary bardy. Iki ýyl mundan ozal açylandan bäri alymlaryň gözünden sypan Akarotaxis aff ajdarha balyk ilkinji gezek surata düşürildi.

"Ekspedisiýa ummanyň iň çet we biologiki taýdan baý ýerleriniň birine göz aýlamaga mümkinçilik berdi" – diýip, deňiz biology Mişel Teýlor mälim etdi.


şu gün 10:53
895

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....