2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli

  • 20.06.2025 10:04
  • 2.5k+

Morgan Stanley analitikleriniň hasaplamalaryna görä, Hytaýyň robototehnika bazary 2023-nji ýyldaky 47 mlrd dollardan 2028-nji ýyla çenli 108 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Ortaça ýyllyk ösüş 23% bolar. Geçen ýyl Hytaý dünýäniň robototehnika bazarynyň eýýäm 40%-ini eýeledi diýip, South China Morning Post habar berýär.

Pudagyň ösüşine hem bazara gatnaşyjy kompaniýalaryň tagallalary, hem Hytaý hökümetiniň goldawy ýardam berer. Ýakyn ýyllarda Hytaýda ulanylýan robotlar diňe bir awtomatizirleme ugruna däl, eýsem umumy jemgyýete-de täsirini ýetirer.
Resmi statistikanyň maglumatlaryna görä, maý aýynda senagat robotlarynyň önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 35,5% ýokarlanyp, 69 056 birlik boldy. Hyzmat robotlarynyň önümçiligi 13,8% ýokarlanyp, 1,2 mln birlige ýetdi. Bulara, hususan-da, robot-tozan sorujylar, aýna ýuwujylar we harytlary eltip bermek üçin enjamlar degişlidir.
Hytaý dünýäde öndürilýän ähli senagat robotlarynyň ýarysyndan gowragyny sarp edýär. Ýurtda (şol sanda Gonkongda) robototehnika bilen baglanyşykly 741 700 kompaniýa hasaba alyndy.
Morgan Stanley-iň çaklamalaryna görä, 2028-nji ýyla çenli diňe Hytaýda dron önümçiligi 40 mlrd dollara ýeter – bu 2024-nji ýyldaky derejeden iki esse ýokarydyr. Adam şekilli robotlaryň bazary ýylda 63% ýokarlanar: 2024-nji ýyldaky 300 mln dollardan 2030-njy ýylda 3,4 mlrd dollara çenli. Şol wagt ýurtda 252 000 töweregi gumanoid robot ulanylar. Asyryň ortalaryna çenli olaryň sany 302 mln birlige ýetip biler, bu bolsa dünýädäki robotlaryň 30%-ine deň bolar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......