Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy çip döretdiler

  • 17.10.2025 12:18
  • 3k+

Professor Çunsen Liunyň ýolbaşçylygyndaky hytaýly alymlar topary galyňlygy  bir atoma deň bolan iki ölçegli materiallardan we adaty kremnili arhitekturadan düzülen gibrid ýady saklaýan çip işläp düzdüler.

Çibiň sygymy 1 kilobaýt, maglumatlary ýazmak we pozmak wagty bolsa bary-ýogy 20 nanosanýa deň. Ol daşarky buýruklar arkaly maglumatlary okamak, ýazmak we pozmak amallaryny ýerine ýetirip bilýär.
Aslynda, täze çip adaty mikroshemalaryň kiçeldilen görnüşi däl. Ol ýadyň gurluşyna düýpgöter täzeçe çemeleşmäni görkezýär — iň tiz flеş-ýady kremniniň metall-oksidli ýarymgeçiriji (CMOS) gurluşy bilen birleşdirýär.
Iki ölçegli materiallaryň kremnili çipler bilen birleşdirilmegi, adaty kremniniň tehnologiýasynyň miniaturizasiýada ýüzbe-ýüz bolýan fiziki çäklendirmelerini ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Adaty tranzistorlaryň ululygyny has hem kiçeltmek indi mümkin däl diýen derejede bolsa, iki ölçegli materiallar elektron komponentleri has-da kiçeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Eger bu taslama üstünlikli amala aşyrylsa, Hytaý maglumatlary saklamak we işlemek babatda täze dünýä ölçegini ornaşdyryp biler. Bir atom galyňlykda bolan çip geljekki akylly ulgamlaryň — smartfonlardan başlap kwant hasaplaýyş platformalaryna çenli — esasy bölegi bolup biler.
Ylmy barlagyň netijeleri Nature žurnalynda neşir edildi.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......