Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi

  • 19.06.2025 11:18
  • 7k+

Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär.

Daniýanyň paýtagty durnuklylyk, bilim we infrastruktura kategoriýalarynda iň ýokary bahalara eýe boldy.
Geçen üç ýylda sanawda birinji orny Wena (Awstriýanyň paýtagty) eýeläpdi. Indi ol Sýurih (Şweýsariýa) bilen ikinji orny paýlaşýar.
Şeýle-de, ilkinji onluga Melburn (Awstraliýa), Ženewa (Şweýsariýa), Sidneý (Awstraliýa), Osaka (Ýaponiýa), Oklend (Täze Zelandiýa), Adelaida (Awstraliýa) we Wankuwer (Kanada) girdi.
Reýting 173 şäheri öz içine alýar we saglygy goraýyş, bilim, infrastruktura, daşky gurşaw we durnuklylyk ýaly ölçegleriň esasynda düzülýär.
Wenanyň bahasynyň durnuklylyk kategoriýasynda peselmegi 2024-nji ýylda bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly boldy. Hususan-da, şäher Awstriýanyň paýtagtynda geçirilen Teýlor Swiftiň konsertinde partlama howpunyň bolup bilmegi sebäpli utuk ýitirdi.
Bu sanawda soňky orunlary eýeleýän şäherler üýtgemedi diýen ýaly. Iň soňky orny häzirem Damask eýeleýär. Şeýle-de, reýtingi Dakka, Tripoli, Karaçi we Alžir jemleýär. 


25.06.2026 23:36
5.8k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......