Qatar Airways - dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy. Singapore Airlines-iň bolsa iň gowy ekipažy bar

  • 18.06.2025 14:09
  • 8.5k+

Qatar Airways World Airline Awards-yň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dokuzynjy gezek öňdeligi eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Halkara awiakosmos sergisiniň çäginde Parižde geçirildi. Ýyllyk sanaw 1999-njy ýyldan bäri Britaniýanyň Skytrax konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilýär.

Singapore Airlines şu ýyl ikinji ornuny saklady. Şeýle hem iň gowularyň onlugyna  Cathay Pacific, Emirates, ANA All Nippon Airways, Turkish Airlines, Korean Air, Air France, Japan Airlines we Hainan Airlines girýär.
Skytrax-iň sanawy ýolagçylaryň synlaryna esaslanýar. Iň soňky pikirsoraşmanyň çäklerinde dürli ýurtlardan bolan, takmynan, 22,3 million adam 325-den gowrak awiakompaniýanyň hyzmatlarynyň hili barada öz pikirini aýtdy.
Şeýle hem, Singapore Airlines-iň ekipažy iň oňat ekipaž diýip yglan edildi. Turkish Airlines “Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy”, EVA Air bolsa “Iň arassa awiakompaniýa” diýlip saýlandy.


25.06.2026 23:36
5.4k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......