Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler

  • 18.06.2025 10:22
  • 4.5k+

 

Hytaýly alymlar doňuz düwünçekleriniň içinde kiçijik adam ýürekleriniň ösdürilendigini habar berdiler. Bu baradaky maglumatlar sütün öýjükleriniň barlagy boýunça halkara jemgyýetiniň mejlisinde hödürlendi diýip, Nature žurnaly ýazýar.

Synag üçin alymlar adam we haýwan genlerini birleşdirýän himer düwünçeklerini döretdiler. Bu usul adam organlaryny transplantasiýa etmek üçin oňaýly haýwanlarda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle barlaglar donor organlarynyň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meselelere çözgüt bolup biler.
Taslamanyň ýolbaşçysy, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň wekili Laý Lýansýueniň düşündirişine görä, doňuzlar olaryň organlarynyň anatomiki taýdan adamyňkylara meňzeşligi sebäpli saýlanyp alyndy. Onuň topary mundan öň hem doňuz düwünçeklerinde bir aýa çenli ýaşap bilýän adam böwreklerini ösdüripdi.
Täze geçirilen synag üç tapgyrdan ybarat. Ilki bilen, doňuz düwünçeginde ýürek ösmegini üpjün edýän genler öçürilýär. Soňra düwünçege adamyň ýörite üýtgedilen we ösüp bilýän sütün öýjükleri sanjylýar. Gibrid düwünçejik 12 öýjükli morula tapgyryna ýeteninde, onuň ösüşi dowam etdirilmegi üçin surrogat doňzuň ýatgysyna ýerleşdirilýär.
Netijede, adam öýjükleri ýok bolmadyk ýagdaýynda ýürek emele gelýär. Bu barlagda adam ýürekli himer düwünçekleri 21 gün ösdi.
Barlaglar tehnologiýanyň geljegi bardygyny görkezse-de, olaryň gözegçilik döwri entek gysga. Mundan başga-da, onuň ahlak taýdan täsirleri halkara derejesinde giňden ara alnyp maslahatlaşylmagyny talap edýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......