Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasyny ýok etmegi teklip etdi

  • 17.06.2025 19:33
  • 8.5k+

SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) mümkin boldugyça tiz orbitadan çykaryp, ummana gaçyrmalydygyny aýtdy. Onuň X sosial torunda paýlaşan ýazgysyny «Daily Mail» neşiri getirýär.

Mask köne orbital gurluşyň howpludygyny belläp, astronawtlar üçin töwekgelçilik döredýändigini aýtdy. Belläp geçsek, HKS-niň ilkinji moduly bolan «Zarýa» 1998-nji ýylda uçurylypdy.

«SpaceX astronawtlary we ýükleri HKS-ne daşamak bilen milliardlarça dollar gazansa-da, men stansiýanyň öňümizdäki iki ýylyň dowamynda orbitadan çykarylmagyny resmi taýdan teklip edýärin» — diýip, Mask aýtdy.

Bu tema ünsi gaýtadan özüne çekdi, sebäbi «Axiom-4» missiýasynyň uçurylmagy stansiýanyň rus moduly bolan «Zwezdadaky» howa syzmasy şübhesi sebäpli yza süýşürildi. Şol modulda öňem abatlaýyş işleri geçirilipdi. Muňa sebäp hökmünde, gurluşyň köneligi we kebşirleýiş işleri bilen baglanyşykly ýalňyşlyklar görkezilýär.
Amerikan «Space Shuttle» kosmos maksatnamasy ýapylansoň, ABŞ on ýyla golaý öz astronawtlaryny orbita çykarmak mümkinçiliginden mahrum boldy we Russiýanyň «Soýuz» kosmos gämilerinden ýer satyn almaly bolupdy. Soňra ABŞ 2020-nji ýyldan SpaceX kompaniýasynyň «Crew Dragon» kosmos gämisini ulanyp başlady. Şol wagtdan bäri, ol gämi örän wajyp serişdä öwrüldi. Boeing kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Starliner» atly gämi bolsa garaşylşy ýaly netije bermedi: onuň ilkinji uçarmanly uçuşy şowsuz boldy we astronawtlar HKS-de galdy. Netijede, olar «Crew Dragon» arkaly yzyna getirildi.
Meýilnama görä, HKS-ni orbitadan çykarmak işine 2028-2029-njy ýyllarda başlanar, 2031-nji ýylda bolsa stansiýa adamlardan iň uzak ýere – Nemo nokadyna gaçyrylar. Bu ýer köpden bäri kosmos gämileri üçin «mazarlyk» hökmünde ulanylýar. Ol ýerde «Mir» stansiýasynyň galyndylary hem ýatyr.
Häzirki günde 400 tonnalyk HKS-ni zerur ugra «iterip» biljek ýeke-täk kosmos gämileri – Russiýanyň «Progress» atly ýük gämileridir. Ilkinji meýilnama görä, bu işiň esasy agyrlygy şol gämilere düşýärdi. Emma ýakyn wagtda ABŞ SpaceX kompaniýasyna 843 mln dollar berip, öz buksirini döretmegi tabşyrdy.
Emma bu gämi entek gurlanok. Mundan başga-da, HKS-ne çalşyk hökmünde kosmos gözlegleriniň dowam etmegi üçin işlenip düzülýän daşary ýurt hususy stansiýalary hem heniz uçuşa taýýar däl. Şol sebäpden NASA-nyň stansiýany suwa batyrmak meýilnamasyny onýyllygyň ahyryna çenli yza süýşürmegi ähtimal.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......