Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleri, şol sanda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny, filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem hepdelige gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.