Nematod gurçuklarynyň syýahat etmek üçin “janly diň” guruşlary ilkinji gezek wideo alyndy

  • 11.06.2025 13:31
  • 4.3k+

Maks Plank Jemgyýetiniň Haýwanlaryň özüni alyp barşy institutynyň we Konstans uniwersitetiniň alymlary ýabany tebigatda ilkinji gezek nematodlaryň adaty bolmadyk hereketini hasaba aldylar. Bu gurçuklar wertikal “janly diňler” görnüşinde düzülip, golaýyndan geçýän mör-möjekleriň bedeninde “ýapyşyp” ondan-oňa geçýärler.

Ozal beýle hereket diňe nazary taýdan beýan edilipdi. Bu açyş birnäçe aýlap almalaryň we armytlaryň çüýräp başlan bagynda alnyp barlan gözegçilik wagtynda edildi. Aýgytly pursady kömekçi Raýan Grinueý tutdy: wideoda gurçuklaryň sütün emele getirýändigi görünýär.

"Muny hut ýakyndan janly görnüşde  ilkinji gezek görenimde haýran galdym. Ondan öň beýle diňler diňe biziň kellämizde bardy" - diýip, barlagyň ýolbaşçysy Sirena Din gürrüň berdi.

Diňleri nematodlaryň diňe bir belli görnüşi gurýardy.

"Nematodlaryň guran diňi ýöne bir gurçuk üýşmegi bolman, ol sazlaşykly hereket edýän beden ýalydy" - diýip, barlagyň şärikdeş awtory Daniela Peres düşündirdi. 


düýn 14:17
2.8k+

Ikiýüzlülik — häsiýet däl-de, biologiýadyr: aýdylýan sözler bilen edilýän işleriň tapawudy beýniden tapyldy

Adamyň ahlak garaýşy bilen onuň edýän işleriniň arasyndaky çaprazlygyň sebäbi beýniniň wentromedial prefrental gabygy diýlip atlandyrylýan böleginiň işjeňlik derejesine bagly bolup çykdy. Neýrobiologlaryň bu......

10.04.2026 00:01
2.7k+

Alymlar ýabany balarylaryň abstrakt ritm duýgusynyň bardygyny subut etdiler

Hytaýly, beýik britaniýaly we awstraliýaly biologlar ýabany balarylaryň ritmiki üýtgese-de, çylşyrymly ritmik patternleri tanamak ukybynyň bardygyny anykladylar diýip, Science žurnaly habar berýär....

06.04.2026 11:01
3.3k+

Ýaşaýşyň “kerpiçjikleri”: Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda genetiki koduň ähli elementleri tapyldy

Alymlar Rýugu asteroidinden alnan nusgalarda DNK-ny we RNK-ny emele getirýän maddalaryň bäşisini hem tapdylar. Bu açyş ýaşaýyşyň ähli "gurluşyk bölekleriniň" kosmosda emele gelmek bilen, Ýere düşendigi......

01.04.2026 16:15
2.2k+

Çilidäki gadymy Monte-Werde şäherçesiniň müňlerçe ýyl ýaşdygy anyklandy

Arheologlar Çilidäki meşhur Monte-Werde ýadygärliginiň ozal habar berleninden 6000-10000 ýyl ýaşdygyny anykladylar....