Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 06.06.2025 15:56
  • 5.7k+

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny, şeýle hem ähli türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene bir gezek gutlap, bu mübärek günlerde beriljek sadakalaryň we ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......