Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 06.06.2025 15:52
  • 13k+

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny takyk berjaý edişlerine gözegçiligi üpjün etmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, bu ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow sanly ulgamyň we döwrebap usullaryň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.


düýn 20:14
1.3k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.3k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......