Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

  • 05.06.2025 11:47
  • 10k+

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: “Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip belledi.
Jemi içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini, bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýändigini aýtdy.

“Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
984

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......