Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

  • düýn 11:39
  • 4.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, jenap Li Çže Mýona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Koreýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Oppozision Demokratik partiýadan Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol 49%-den gowrak ses aldy. Koreýa Respublikasynda saýlawlar öňki Prezident Ýun Suk Ýol wezipeden aýrylandan soň möhletinden ir geçirildi.
Li 2022-nji ýylda hem prezidentlige dalaş edipdi, ýöne 1%-den tapawut bilen Ýun Suk Ýoldan ýeňildi.


şu gün 15:56
960

Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler...

şu gün 15:52
2.3k+

Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi...

şu gün 09:09
1.9k+

Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi

2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi...

düýn 11:47
8.7k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler...