Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär

  • 04.06.2025 15:35
  • 16k+

2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär. «Jetzt Pläne schmieden» atly başlangyjyň çäklerinde geçirilýän taslama Germaniýanyň raýatlary, şeýle-de daşary ýurtlularyň ählisi üçin açykdyr.

«Şäher, adamlar we mümkinçilikler bilen tanyş boluň – belki-de, bu siziň geljegiňiz üçin täze meýilnamalaryňyzyň başlangyjy bolar» — diýip, şäherde 14 gün «synag möhleti bilen ýaşamagy» teklip edýän bildirişde aýdylýar.

Aýzenhýuttenştadt şäheri (manysy «polatçylaryň şäheri») Brandenburg federal ýerinde, Berlin şäherinden, takmynan, bir sagat uzaklykda, Polşa bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Şäher 1950-nji ýylda GDR-iň ilkinji «meýilleşdirilen» sosialistik şäheri hökmünde esaslandyrylypdyr. Şäher ilkibaşda Stalinştadt diýlip atlandyrylypdyr, emma 1989-njy ýylda Berlin diwary ýykylansoň, häzirki ady dakylypdyr.
Şäher taryhy arhitekturasy, ýaşyl sebitleri we häzirki zaman infrastrukturasy bilen tapawutlanýar.
Germaniýa birleşenden soň, şäheriň ilat sany 50 müňden gowrak adamdan, takmynan, 24 müň adama çenli azalypdyr. Gündogar Germaniýanyň beýleki kiçi ilatly nokatlary ýaly, bu şäher hem ilatyň göçüp gitmegi we ýaş hünärmenleriň ýetmezçiligi ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Aýzenhýuttenştadtda Gündogar Germaniýanyň iň uly birleşdirilen polat zawody ýerleşýär, ol ýerde 2500 adam zähmet çekýär. Şeýle-de metallary işleýän merkez bar. Şäherdäki sosialistik döwrüň köp sanly binalary taryhy ýadygärlik hökmünde ykrar edilen.
Häkimiýetler işjeň adamlary bu ýere çekmegi we uly şäherlerden daşky ýaşaýşa bolan negatiw garaýyşlary aradan aýyrmagy maksat edinýärler.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler taslamanyň resmi web sahypasyndaky soragnamany doldurmaly: www.jetzt-pläne-schmieden.de.


düýn 09:50
4.3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......