Galaxy S23 Ultra bäş sagatlap buzly derýada saklandy – ol işe ukyplylygyny ýitirmedi

  • 28.05.2025 13:53
  • 12k+

Suwa gaçandan soň telefona zeper ýetmändigi bilen indi hiç kimi geň galdyryp bolmaz – häzirkizaman smartfon modelleri şeýle synaglardan aňsatlyk bilen baş çykarýar. Ýöne Galaxy S23 Ultra has aşa şertlerde ýokary çydamlylygy görkezdi – ol Şwesiýanyň demirgazygyndaky buzly derýada bäş sagatlap saklandy.

Waka barada şwesiýaly ýolbelet Mikael Krekula gürrüň berdi. Ol doňan Kaliks derýasynda eholotlary (gidrolokator) synagdan geçirýärkä, onuň Galaxy S23 Ultra smartfony tötänleýin elliginden sypyp, buz çukuryna gaçýar. Krekulanyň aýtmagyna görä, ol smartfony iş guraly hökmünde ulanýandygy üçin, ähli möhüm suratlary, resminamalary we programmalary hemişelik ýitirendigine ynanýardy.


Tas bäş sagatdan soň Mikael smartfony almaga synanyşdy. Ol buzda goşmaça sekiz deşik ýasap, şahalaryň, piliň we beýlekileriň kömegi bilen smartfony çykaryp bildi. Buzly suwda uzak wagt durandygyna garamazdan, telefon açyldy we bökdençsiz işlemegini dowam etdirdi.
Galaxy S23 Ultra modeliniň IP68 gorag derejesi bar – ol 30 minuta çenli wagt bilen 1,5 metre çenli çuňluga çümmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, smartfon tozandan goraga eýe. Bu ýagdaýda smartfon bellenen görkezmelerden has ýokary şertlere çydady. 


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...