Гурбангулы Бердымухамедов поздравил главу государства с международным праздником

  • 03.06.2025 12:31
  • 12k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlady.

Metbugatda çap edilen gutlagda bellenilişi ýaly, "Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar".
Türkmen halkynyň Milli Lideri 
Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän hem-de Halkara welosipedçiler bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek binasy gurlup ulanmaga berlendigini belledi. 2018-nji ýylda «Aşgabat» stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, 2019-njy ýylda Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilmegi, bu iki çäräniň hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gutlagyň ahyrynda 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglygyny, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. "Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy şan-şöhrata beslesin, agzybir halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn" diýlip, gutlagda aýdylýar.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
3.1k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......