2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” titulyna Tailandyň wekili mynasyp boldy

  • 01.06.2025 19:22
  • 14k+

2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Tailanddan 21 ýaşly Suçata Çuangsri boldy. Bu titula 108 gatnaşyjy dalaş etdi diýlip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär.

Çuangsri – halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby, model bolup işleýär, psihologiýa we antropologiýa bilen gyzyklanýar. Ol göwsüň düwnük keselini öwrenmek bilen baglanyşykly meýletin taslamalara gatnaşdy. Onuň öýünde 16 pişik we bäş it bar.
Bäsleşigiň saýty onuň şahsy şygaryny getirýär: “Eger bir durmuşyň seniň kömegiň bilen ýeňilleşendigini bilseň, bu üstünlik gazanmagyňdyr”.
Suçata Çuangsri bäsleşigiň taryhynda bu tituly alan Tailandyň ilkinji wekili boldy. Bäsleşik 72-nji gezek geçirildi.

“Bu pursat – diňe bir şahsy ýeňiş däl, bu görülmek, eşidilmek we üýtgeşmeleri geçirmek isleýän her bir gyzyň arzuwy. Meniň üçin bu mirasa wekilçilik etmek we Dünýä hanymy hökmünde hakyky üýtgetmeleri girizmek uly mertebe” – diýip, ýeňiji öz çykyşynda aýtdy.

Final Hindistanyň Haýdarabat şäherinde geçirildi. Birinji wise-hanym Efiopiýadan Hasset Dereje Admassu boldy. Ikinji orny Polşadan Maýýa Klaýda eýeledi. Üçünji wise-hanym Martinikadan Oreli Žoahim boldy.


düýn 23:49
1.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....