Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy

  • 28.05.2025 13:33
  • 14k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

R.Meredow futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlap, dürli ýyllarda “Dagdan”, “Galkan”, “Ahal” hem-de “Ýedigen” toparlarynda çykyş etdi.
Futbol maşgalasyndan bolan R.Meredow karýerasyny tamamlanyndan soň tälimçilik ýoluny saýlap aldy. PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasy bolan R.Meredow 2013 – 2020-nji ýyllaryň aralygynda paýtagtymyzyň “Ýedigen” hem-de Ahal welaýatynyň “Ahal” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparlar dürli ýyllarda ýurdumyzyň çempionatynda baýrakly orunlary eýeledi. 2017-nji ýylda “Ahal” topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.
R.Meredowyň tälim berýän “Ýedigen” toparynyň 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda ýeňiş gazanandygyny aýratyn bellemek gerek. 
Tejribeli tälimçi 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde Özbegistanyň “Kyzylkum”, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň “Kaganat” toparlaryny türgenleşdirdi.
Şu ýylyň başyndan bäri R.Meredow TFF-niň Tehniki direktorynyň wezipesinde zähmet çekýär.
Futbol hünärmeni, şeýle-de, 2020-nji ýyldan häzirki wagta çenli FIFA-nyň GFD (Global futbol ösüşi) bölüminde tehniki eksperti wezipesinde işleýär. Ol bu wezipede dünýä belli  futbol hünärmeni Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda zähmet çekýär. 


düýn 15:52
5.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
3.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
9.3k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......