Türkiýäniň Marmaris sebitinde 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

  • 03.06.2025 13:33
  • 13k+

3-nji iýuna geçilen gije Türkiýäniň Ortaýer deňzi kenarynda 5,8 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Ýerasty sarsgynlar ýerli wagt bilen 02:17-de hasaba alyndy.

Associated Press ýertitremäniň merkeziniň Marmaris şypahana sebitiniň golaýynda bolandygyny habar berdi. Ýertitreme Rodos grek adasynda hem duýuldy.
Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 70 töweregi adamyň zyýan çekendigi barada habar berdi.
Türkiýäniň häkimiýetinde ýertitreme sebäpli düýpli weýran bolmalar barada maglumat häzirlikçe ýok.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen 7,7 we 7,6 bal ululykdaky iki ýertitremäniň netijesinde 50 müňden gowrak adam heläk boldy. Ýertitreme Siriýa-da täsir etdi we bu ýerde azyndan 8,5 müň adam onuň pidasy boldy.


şu gün 10:08
2.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.5k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......