Türkmenistan 2026-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy

  • 05.06.2025 10:28
  • 2.1k+

4-nji iýunda Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Ses berişlik BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde geçirildi.

ECOSOC BMG-niň durnukly ösüş we ykdysady meseleler boýunça işini hem-de degişli düzümleriniň hereketlerini utgaşdyrýan esasy edarasy bolup durýar. Geňeş ösüş ugrunda halkara gün tertibini öňe sürmekde, ykdysady, durmuş we ekologik ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Geňeşiň düzümine 3 ýyllyk möhlet bilen saýlanylýan 54 agza döwlet girýär. Her ýyl gizlin ses bermek arkaly ygtyýarlyk möhleti tamamlanan ýurtlaryň ýerine sebit toparlaryndan 18 ýurt saýlanýar.
Täze saýlanan ýurtlar 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ECOSOC-nyň düzümine girerler.
Türkmenistan mundan ozal hem 2013–2015 we 2019–2021-nji ýyllar aralygynda ECOSOC-nyň agzasy bolupdy.


düýn 18:04
2.9k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......