Ýaponlar sekuntda 1,02 petabit maglumat iberdi: bu 4K-da 10 000 film ýaly

  • 03.06.2025 10:52
  • 3.9k+

Ýaponiýaly gözlegçiler maglumat ibermekde täze dünýä rekordyny goýdy – sekuntda 1,02 petabit. Muny häzirki internet ulgamlaryndaky ýaly bary-ýogy 0,125 mm ýogynlykdaky optiki-süýümli kabeliň kömegi bilen gazanmak başartdy. Ýöne tejribede ýörite köp süýümli kabel ulanyldy.  

Kabeliň içinde 19 aýratyn süýüm bardy, olaryň üsti bilen signal 1808 km umumy aralyga ýetmek üçin 21 gezek iberildi. Signallary kabul etmek üçin 19 kanally kabul ediji ulanyldy, şondan soň maglumatlar ahyrky iberiş tizligini hasaplaýan sanly prosessor tarapyndan işlenildi.
Gazanylan tizlik – sekuntda 1,02 petabit – adaty ölçegli süýümi ulanmak bilen 1800 km-den gowrak aralyga maglumat ibermekde rekord boldy. Şeýle-de, alymlar “tizlik x aralyk” gatnaşygy boýunça rekord goýdy – ol her kilometr üçin 1,86 eksabit-sekunt boldy. Bu optika aragatnaşygy pudagynda möhüm görkezijidir.
Öň şeýle tizlige diňe gysga aralykda ýetmek başardýardy. Mysal üçin, şol bir 19 ýadroly süýüm bilen geçirilen öňki tejribede sekuntda 1,7 petabit tizlige ýetildi, ýöne aralyk 63,5 km-di. Häzir ilkinji gezek ýokary tizligi uzak aralyk bilen birleşdirmek mümkin boldy.
Alymlar geljekde (5G-den soňky döwürde) internet-trafigiň göwrüminiň täze aragatnaşyk hyzmatlary sebäpli tiz ösjekdigini belleýär.


düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......