Ýertudana Aýy, Super Aý, ýyldyz ýagmyry...: Iýun-awgust aýlarynda boljak astronomiki hadysalaryň senenamasy

  • 02.06.2025 11:48
  • 5.6k+

2025-nji ýylyň tomus pasly astronomiýa muşdaklaryny ajaýyp hadysalary bilen begendirer. Biziň ýarym şarymyzyň köp sebitiniň ýaşaýjylary teleskopsyz hem “ýertudana”, “sugun” we bekre Aýyny, şeýle hem planetalaryň ýörişini, kümüş bulutlary we meteor ýagmyrlaryny synlap bilerler.

Öňümizdäki üç aýyň esasy astronomiki wakalarynyň senenamasyny dykgatyňyza hödürleýäris.

3-nji iýunda - planetalaryň ýörişi:
Irden bäş sany planeta - Merkuriý, Mars, Ýupiter, Saturn we Uran hatara düzüler. Olaryň dördüsini gündogarda sagat 5:30-dan 6:30-a çenli adaty göz bilen görmek bolar. Urany görmek üçin iň bolmanda dürbi gerek bolar.

11-nji iýunda - Ýertudana aýy:
Munda Ýeriň hemrasy Gün dogan wagty mämişi ýa-da altynsow (atmosferada ýagtylygyň ýaýramagy sebäpli) bolup görünýän on dördi gijäniň aýy görnüşinde bolýar, ýöne soňra aşak düşüp gözýetime golaýlanda, birneme gülgüne reňke boýalýar. Bu at indeý taýpalarynyň miwe ýygnaýan möwsümi bilen baglanyşykly. Iň gowusy, sagat 23:30-dan soň açyk meýdanda, mümkingadar şäher çyralaryndan uzakda durup synlamaly.

4-nji iýulda - Merkuriniň elongasiýasy we Weneranyň Urana ýakynlaşmasy:
Merkuriý daň atmazdan öň görner. Bu planetany synlamak üçin iň amatly wagt. Şeýle hem Uranyň Wenera ýakynlaşmasy bolup geçer. Şonda Wenerany adaty göz bilen, Urany bolsa diňe optika arkaly görüp bolar.

10-njy iýulda - Sugun Aýy:
Ýagty dolan Aý sugunlaryň şahlarynyň ösüp çykýan döwrüne görä şeýle ady aldy. Aý şol gün diýseň ýagty bolar.

30-31-nji iýul gijesinde - Günorta delta-Akwarid meteor ýagmyrynyň iň güýçli wagty:
Bu ýyldyz ýagmyrynyň iň güýçli wagty. Mümkingadar şäher yşyklaryndan uzakda durup synlamak maslahat berilýär. Şol wagt sagatda 25 meteory görüp bolar. Türkmenistan synlamak üçin amatly giňişlikde ýerleşýär.

8-9-njy awgustda - Bekre aýy:
Awgust super Aýy: Aýyň tegelegi 14%, ýagtylygy 30% ýokarlanar.

11-nji awgustda - asmanda alty sany planeta hatara düzüler:
Asmanda alty planetanyň (Merkuriý, Wenera, Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun) deňleşmesini synlap bolar. Olaryň dördüsini (Merkuriý, Wenera, Ýupiter we Saturn) ýörite optikasyz hem synlamak bolar, Urany we Neptuny synlamak üçin bolsa teleskop ýa-da dürbi gerek bolar. Bu hadysany Gün dogmazyndan bir sagat öň, dolan Aýyň golaýynda görmek bolýar.

1–12-nji awgustda - Perseidler:
2025-nji ýylda Perseidler iýul aýynyň ortalaryndan awgust aýynyň ahyryna çenli işjeňdir, ýöne ol 11-12-nji awgust gijesinde iň ýokary derejesine ýetýär. Şol gije howa şertleri amatly bolanda sagatda 100 meteory görüp bolar. Bu ýyl dolan Aý synlamagy kynlaşdyrar.

Maýda - awgustda - kümüşsöw bulutlar:
Kümüşsöw (şeýle hem mezosferaly) bulutlary Türkmenistanda tomusda, maý aýynyň ortasyndan awgust aýynyň ortalaryna çenli, goýry alagaraňkylykda, Gün ýaşandan takmynan 1,5–2 sagat soň ýa-da Gün dogmazyndan öň synlap bolar. Bu bulutlar mezosferada Ýeriň ýüzünden 76–85 km belentlikde emele gelýär.
Şeýle bulutlar kosmiki tozandan ýygnanýan mikroskopik buz kristallaryndan emele gelýär. Olar inçe, ýagty saçýan zolaklar we dürli hili tolkunlar görnüşinde bolup biler.


düýn 11:12
6.2k+

Ogayo ştatynyň asmanynda 250 tonna trotil güýjündäki meteorit ýaryldy

Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär...

17.03.2026 16:13
6k+

BMG dünýäniň sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň kartasyny çap etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyla çenli demografiýa çaklamalaryna esaslanýan täze maglumatlary dünýäniň dürli sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşyny görkezýär. Bu görkeziji ilatyň ýarysynyň görkezilen ýaşdan uly, ýarysynyň bolsa has ýaşdygyny görkezýär...

16.03.2026 15:20
1.8k+

Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar

Myrmecia midas görnüşindäki buldog garynjalary gijelerine özboluşly "aý kompasy" arkaly ugurlaryny kesgitläp bilýärler. Current Biology žurnalynda çap edilen makalada alymlar şeýle netijä gelipdirler. Bu gije gezýän...

13.03.2026 16:54
5k+

Alymlar Ýer şarynyň çaklamalardan-da çalt gyzýandygyny aýdýarlar

«Geljekdäki Ýer», «Ýer-suw Ligasy» we «Howany öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy» halkara ylmy guramalary Ýer şarynyň klimat ulgamynyň ýagdaýy barada ýyllyk beýanyny çap etdiler. Resminama hemra gözegçilikleriniň maglumatlaryna we köpýyllyk ölçeglere esaslanýar...