Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 02.06.2025 10:34
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.
Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalary we “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, duralgalar, olaryň görnüşleri hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke atlary” şaýolunyň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasynyň we bedewler üçin niýetlenen ýodanyň talabalaýyk hem-de häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunda atly gezelenç üçin niýetlenen ýoda düşeljek çägäniň arassalygyna, hiline zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şaýoluň ugrunda bedewler üçin dynç alyş bassyrmalarynyň we welosipedçilere niýetlenen duralgalaryň amatlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň derejesine garaldy.
D.Orazow ýurdumyzyň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Er-Riýad şäherinde degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň geçirilip, gurluşyk ulgamynda özara tejribe alyşmak boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk ýagdaýda dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde şäheriň çäklerinde degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şunda Arkadag şäher häkimliginiň hem-de täze şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki tagallalary ýola goýulmalydyr. Munuň özi kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....