1-nji iýunda Aşgabatda (“Şamelek” toý mekanynda) Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda dabaraly çäre geçirildi. Bu şatlykly dabara Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.
Döredijilik bäsleşiginiň netijelerine laýyklykda, surat çekmek boýunça
- 1-nji orna Abdykerim Begençmyradow;
- 2-nji orna Mälikdurdy Ýakubow;
- 3-nji orna Gülabat Annaberdiýewa mynasyp boldy.
Ekologiýa boýunça taslama işini taýýarlamak babatda
- 1-nji orna Kyýas Täçmuhammedow, Süleýman Esenow;
- 2-nji orna Ýana Dobrowanowa, Sewinç Ismailowa;
- 3-nji orna Maral Öwezberdiýewa mynasyp boldy.
Galyndylary gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly döredijilik işi babatda
- 1-nji orna Annagözel Kulyýewa, Ogulşirin Amanmyradowa;
- 2-nji orna Medine Berdiklyçewa;
- 3-nji orna Aýnur, Gülnur, Döwlet Durdyýewler mynasyp boldy.
Şeýle döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaş nesilde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini oýarmaga hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmaga itergi berýär, diýip çykyşlarda bellenildi.
Çäräniň dowamynda çagalaryň taýýarlan şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Sapagyň dowamynda çagalar galyndylary aýry-aýry ýygnamagyň we gaýtadan ulanmagyň usullary, olaryň daşky gurşawy goramakda ýetirýän peýdasy barada düşünje aldylar.