Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

  • 01.06.2025 19:45
  • 8.2k+

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar.

2025-nji ýylyň 28 – 30-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilýän giň gerimli edebi döredijilik forumyna Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan halypa hem-de ýaş şahyrlar işjeň gatnaşdylar.
TÜRKSOÝ tarapyndan ilkinji gezek geçirilen ýaş şahyrlaryň festiwalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň şahyrlary ýörite tabşyrylan temalar boýunça öz şygyrlaryny okadylar. Erkin edebiýat agşamynda çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, türki dünýäniň edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini terjime etmek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.
Festiwalyň bäsleşikli tapgyrynyň netijesi boýunça, eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, 50-ä golaý gatnaşyjynyň içinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda edebi çärä gatnaşýan «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Bekgiýew we «Nesil» gazetiniň bölüm müdiri Daňatar Galpakow TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 22:19
1.8k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......