Aşgabatda 300 çaga Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi

  • 31.05.2025 18:14
  • 9.8k+

1-nji iýunda – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada 300 çaga däp bolan küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi.

Bu çäre ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Adalatçynyň diwany we Türkmenistanyň telewideniýe, teleradiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

"Küştdepdi – bu diňe tans däl. Bu – agzybirligiň, bagtyýarlygyň we umumy şatlygyň gurşawy. Biz çagalar üçin şeýle parahat we bagtly dünýä döretmegi arzuw edýäris. Bu möhüm günde biz her bir çaganyň hukuklaryny – ösüşe, arzuw etmäge, gülläp ösmäge we eşidilmäge bolan hukugyny belleýäris" diýip ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekiliň orunbasary Aleksandr Nartea çykyşynda nygtady.


ÝUNISEF-niň metbugat beýanatyna laýyklykda, bu çykyş 1-nji iýunda “Ýaşlyk” teleýaýlymy arkaly görkeziler we guramanyň Türkmenistandaky sanly platformalarynda ýerleşdiriler.
Şeýle-de, baýramçylykdan öň ÝUNISEF Adalatçynyň diwany bilen bilelikde Çaganyň hukuklary we Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa hakynda maglumat beriji kampaniýa geçirdi.
Bu çäreleriň çäklerinde 170-den gowrak okuwçy döredijilik sapaklaryna we interaktiw sessiýalara gatnaşdy. Olar tanslaryň, oýunlaryň we pikir alyşmalaryň üsti bilen öz hukuklary bilen tanyşdylar.


şu gün 00:57
403

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......