Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

  • 31.05.2025 16:21
  • 9.7k+

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar.

Gala 1792–1793-nji ýyllarda rus serkerdesi Aleksandr Suworowyň buýrugy bilen gurlupdyr. Ol Russiýanyň şol wagtky serhedinde ýerleşip, 200 ýyl töweregi harby maksatlar üçin ulanylypdyr. Gala, takmynan, 20 ýyl ozal ýapylypdy. Onuň 50 gektar töweregi meýdanynda, takmynan, 20 bina ýerleşýär, olaryň iň ulusy serkerdeleriň binasy we kazarmasydyr.
Täze eýeleri galany dikeltmegi we muzeý hem-de syýahatçylyk maksady bilen ulanmagy meýilleşdirýärler. Birinji tapgyrda içine diňe syýahat ýolbeledi bilen girip bolar. Soňlugy bilen bu ýerde ýol görkezijiler, ýodalar, kafeler we konsert meýdançalary peýda bolar. Maksat - gala baryp görmekligi muzdsuz etmekdir.
Öňki eýesi emlägi saklamak üçin ýylda 200 000 ýewro sarp edýän eken. “Kýuminlinna galasynyň dostlary” birleşigi galany dikeltmek üçin hökümetden eýýäm 100 000 ýewro aldy, ýene 20 000 ýewro tebigat ugruny döretmäge gönükdiriler. Galan serişdeler şäher býujetinden bölünip berler. Maliýe ministrliginiň hasaplamalaryna görä, ähli işler, takmynan, 18 million ýewro düşer.
Kotka şäheri Wyborg bilen Helsinkiniň arasynda, hersinden takmynan 100 km uzaklykda ýerleşýär.

 


22.03.2025 23:31
9.2k+

Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä...

03.11.2024 07:44
5.3k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...

20.09.2024 23:46
20k+

Öý alanyňdan hem arzan: finlýandiýaly jübüt jaýyň ýerine ada satyn aldy

Finlýandiýaly 24 ýaşly Oliwer Rassell we 20 ýaşly Helena Tomaşewskaýa arzuw edýän jaýyny gurmak kararyna geldiler, ýöne adaty ýaşaýyş jaýynyň deregine has özboluşly çözgüt tapyp, ýaşalmaýan ada satyn aldylar. Bu...

27.08.2023 18:03
13k+

Finlýandiýa altynjy gezek resmi taýdan dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi

Finlýandiýa eýýäm altynjy ýyl dünýäde iň bagly ýurt diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Bu ýurt “2023-nji ýyldaky Bütindünýä bagt hasabatynda” görkezilen 137 ýurtdan ybarat sanawda birinji orny eýeledi. Bu barada...