Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

  • 22.03.2025 23:31
  • 9.5k+

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä bagt hasabatyndan gelip çykýar.

Reýtingde Finlýandiýa 7,736 bal gazandy. Şeýle-de, ilkinji bäşlige geçen ýyl bolşy ýaly Demirgazyk Ýewropa ýurtlary – Daniýa, Islandiýa, Şwesiýa hem-de Niderlandlar girdi. Sanawyň yzyny Kosta-Rika, Norwegiýa, Ysraýyl, Lýuksemburg we Meksika dowam etdirdi.
Sanawda ABŞ 23-nji orundan 24-nji orna düşdi, bu hem ýurt üçin iň ýaramaz görkeziji boldy. Hytaý geçen ýylky reýtingdäki 60-njy orny bilen deňeşdirilende, 68-nji orny eýeledi. Sanawyň iň soňky ornunda ýene-de Owganystan ýerleşdi. Ylmy gözlegçileriň belleýşi ýaly, Owganystanda ortaça durmuş baly 1,364 bolup, bu Bütindünýä bagt hasabatynda häzire çenli iň pes ortaça görkezijidir. Reýtingde Owganystandan öňde Sýerra-Leone, Liwan, Malawi we Zimbabwe ýerleşýär.
World Happpiness Report reýtingi düzülende jan başyna düşýän JIÖ, saglygy goraýşyň hili (raýatlaryň ömür dowamlylygy), erkinlik we howpsuzlyk derejesi, şeýle-de ilatyň döwlete we alnyp barylýan syýasata bolan ynam derejesi göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de, bagt indeksi dürli ýurtlardan ýaşaýjylaryň arasynda özlerini bagtly duýmak duýgulary barada geçirilen pikir soraşmanyň netijelerini öz içine alýar. Bu maglumatlar Gellap halkara gözleg merkeziniň kömegi bilen ýygnalýar. Reýting 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt gününde neşir edilýär.


22.05.2026 13:16
4.8k+

Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe......

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar...

03.11.2024 07:44
5.6k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...